2k+

Raşid Meredow Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri hödürledi

23-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşyda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.  Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde hyzmatdaşlyk alnyp baryldy...

4.4k+

Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň wekiliýetini kabul etdi

23-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşun ministri Deniýel Driskolly hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gory kabul etdi...

4.7k+

Türkmen brendleri Pariždäki abraýly sergilerde öz kolleksiýalaryny görkezdiler

Türkmenistanyň zenan telekeçileriniň topary Pariž şäherinde geçirilen «Maison & Objet» we «Who's Next» halkara sergilerinde öz brendleriniň önümlerini tanyşdyrdylar. Bu sapar Halkara söwda merkezi tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen, Türkmenistanyň söwda durnuklylygyny ýokarlandyrmak taslamasynyň çäklerinde guraldy diýip, Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär...

8.6k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin awiabiletleriň bahalaryna ýeňillikleriň girizilýändigini mälim etdi. Bu täze teklip maşgalasy bilen syýahat edýän ýolagçylar üçin niýetlenendir. Ýeňillik 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin birnäçe halkara ugurlary boýunça amala aşyrylýan gatnawlarda hereket edýär...

826

Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşyk geçirdi. Myhman şu ýylyň 20 – 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär...

16k+

Bir günde Aşgabatda ýagan gar bilen ygalyň tas bir aýlyk mukdary ýagdy

20-nji ýanwardan 21-nji ýanwara geçilýän gije Aşgabatda 2026-njy ýylyň ilkinji gary ýagdy. Günüň dowamynda gar ýagmagyny dowam edip, köçeleri ak dona büredi. «Meteožurnal» neşiriniň maglumatlaryna görä, 20-nji ýanwar agşamyndan 21-nji ýanwar agşamyna çenli aralykda şäherde 20 mm gar ýagdy, bu bolsa ygalyň tas bir aýlyk mukdaryna deňdir...

1.5k+

Türkmenistan we FAO 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze maksatnamasyny maslahatlaşdylar

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýu Dunýuý bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen FAO-nyň arasynda 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy...

1.2k+

GDA ýurtlarynda ýaş metrologlaryň arasynda bäsleşik yglan edildi

«GDA-nyň iň oňat ýaş metrology» diýen at ugrundaky ilkinji halkara bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalary kabul etmek işi başlandy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär. Bäsleşigiň guramaçysy hökmünde GDA ýurtlarynyň Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwletara geňeşiniň Standartlar býurosy çykyş edýär...

671

Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, hindi tarapyna bolsa Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça sekretary Sibi Jorj ýolbaşçylyk etdi...

19k+

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy

Ý.Nuryýew, başga işe geçýändigi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli resminama 21-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi...

1.3k+

Raşid Meredow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşdy. Stipraýs Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi...

1.5k+

Milli mirasymyzyň düýni, şu güni we ertiri: «Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu neşir türkmen halkynyň ruhy we taryhy mirasyny öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşdyrmagyny dowam edýär...

21k+

Türkmenistanyň ýygyndysynyň iň gymmat futbolçysy Gyrgyzystanyň «Bars» klubuna geçdi

«Bars» gyrgyz futbol kluby Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 25 ýaşly merkezi ýarym goragçysy Teýmur Çaryýewiň transferini resmi taýdan yglan etdi. «"Bars" futbol kluby türkmenistanly ýarym goragçy Teýmur Çaryýew bilen şertnama baglaşylandygyny şatlyk bilen habar berýär» diýlip, klubuň metbugat gullugynyň maglumatynda aýdylýar...

1.8k+

20-23-nji ýanwarda Aşgabatda SPECA hepdeligi geçirilýär

20-23-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligi geçirilýär. Bu çäreler Türkmenistanyň 2025-nji ýylda maksatnama başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýar diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti belleýär...