Ussat sazanda Şükür bagşynyň 195 ýyllygy bellenildi

  • 27.03.2026 10:26
  • 3.7k+

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda türkmen saz sungatynyň görnükli wekili, ussat sazanda Şükür bagşynyň doglan gününiň 195 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. 

Dabaranyň açylyşynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestri tarapyndan Nury Halmämmedowyň «Şükür bagşy» kinofilmi üçin ýazan sazy ýerine ýetirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri Ýolaman Nurymow we Akmyrat Çaryýew hem-de uly mugallym Aganazar Öwezgeldiýew «Salmadan bökdüren», «Şadilli» ýaly nusgawy halk sazlary bilen çykyş edip, dabara aýratyn şowhun goşdy.

Duşuşygyň dowamynda taryhçy mirasgär Nurnazar Jumanazarow Şükür bagşynyň durmuş ýoly we onuň türkmen saz sungatynyň altyn hazynasyndaky orny barada gyzykly maglumatlary paýlaşdy.

Konsert maksatnamasy «Türkmen-gaz» döwlet konserniniň medeni işewürlik merkeziniň ansamblyndan bagşy Kyýas Durdyýewiň «Dutarym» aýdymyny ýerine ýetirmegi bilen baýlaşdyryldy. Döredijilik duşuşygy dutarçy talyplar topary tarapyndan Şükür bagşynyň «Sallana» eseriniň ýaňlanmagy bilen tamamlandy.


şu gün 21:09
141

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

şu gün 10:39
3.8k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 16:49
3.2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

19.06.2026 19:18
3.5k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......