DZ-ED bilen Guwanç Satlykgylyjowyň «Çarhypelegi» Aydym.com-da 1 mln diňlenmeden geçdi

  • 25.03.2026 16:53
  • 18k+

Meşhur Aydym.com platformasynda ýene bir uly sepgit hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwarynda köpçülige hödürlenen DZ-ED bilen Guwanç Satlykgylyjowyň bilelikdäki «Çarhypelek» aýdymy 1 milliondan gowrak diňlenme görkezijisine ýetdi.

Şeýlelikde, bu aýdym çykarylany bäri gysga wagtyň içinde platformada şeýle köp diňlenen täze aýdymlaryň hataryna goşuldy. Bu üstünlik mynasybetli aýdymyň awtorlaryna platformanyň ýörite baýragy gowşuryldy.

«Bu gün BKmediashow we meniň üçin ýene bir ýeňişli günleriň biri boldy. Guwanç bilen çykaran aýdymymyzyň 1 mln diňlenmä ýetmegi bizi täze ädimlere, täze döredijilige ruhlandyrýar. Ähli aýdym-saz muşdaklaryna, mähriban dostlarymyza goldawlary üçin minnetdarlyk bildirýän. Biz bu üstünlige siziň bilen ýetdik»,  –  diýip DZ-ED şatlygyny paýlaşdy.

«Çarhypelek» aýdymynyň döredilmegi baradaky soraga aýdymçy: «Her aýdymyň öz hekaýasy bolýar. Şu aýdymyň aýratynlygy –ony reýting ýa-da haýsydyr bir şöhrat üçin däl, özüm üçin, öz ýüregimiň güýji bilen ýazmagym boldy. Bu aýdyma döredijilik toparymyz uly goşant goşdy» diýip, jogap berdi.

Sazanda Guwanç Satlykgylyjow hem bu üstünligiň özi üçin tolgundyryjy bolandygyny belläp, goldaw bildirenlere minnetdarlygyny aýtdy.

Ýatlap geçsek, mundan ozal şeýle görkezijä meşhur aýdymçy Resool ýetipdi. Onuň «Aldyň aryňy» aýdymy bir aýdan gowrak wagtyň içinde 1 million gezek diňlenip, platformanyň taryhynda bu görkezijä tiz ýetmek boýunça rekordy goýdy.

Platformanyň habar bermegine görä, aýdym-saz muşdaklary üçin bu şatlykly habarlar diňe bir başlangyjydyr. «Ýakynda ýene bir uly täzeligiň bolmagyna garaşylýar» – diýip, Aydym.com-yň wekilleri ýaňzytdy. Ýöne syry açmazdan, häzirlikçe jümläni jemlemegi ulanyjylaryň özüne goýdy. 


şu gün 00:04
1.6k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......

28.05.2026 10:55
667

Spotify-da indi ony ulanan tutuş döwrüň diňleme statistikasyny görüp bolýar

Spotify striming hyzmaty platformanyň 20 ýyllygy mynasybetli «Your Party of the Year(s)» atly täze funksiýasyny hödürledi. Ol ulanyjylara öz akkauntlaryny açyp, ulanan tutuş döwri üçin şahsy statistikalary......

27.05.2026 21:24
7.6k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......

27.05.2026 18:14
4.2k+

Türkmenistan Gurban baýramyny giň gerimde belleýär

Üç günläp dowam edýän Gurban baýramy türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýär....