Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Halkara Nowruz güni bilen gutlady

  • 21.03.2026 09:47
  • 3.9k+

Şu gün Türkmenistanda täzelenişiň we galkynyşyň nyşany bolan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni dabaraly bellenilip geçilýär. Şanly baýram mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mähriban halkymyzy we ähli watandaşlarymyzy gyzgyn gutlady.

Döwlet Baştutany öz gutlagynda bu baýramyň taryhy ähmiýetini we medeni mirasymyzy wagyz etmekdäki ornuny nygtap: «"Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany" ýylynda dabarasy uludan tutulýan bu baýramda ýerine ýetiriljek joşgunly aýdym-sazlaryň, edebi-çeper çykyşlaryň, däp-dessur çäreleriniň, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, milli gymmatlyklaryň sergileriniň şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten medeni mirasymyzyň gazananlaryny giňden wagyz etmekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip belledi.

Prezident öz gutlagynda Nowruz baýramynyň akyldar şahyrlarymyzyň eserlerinde hem öz beýanyny tapandygyny ýatlatdy. Gutlagda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu gadymy baýramyň däp-dessurlary umumadamzat gymmatlygyna, parahatçylygy we agzybirligi ündeýän ýörelgä öwrüldi.

«Gündogar halklarynyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde aýratyn orny eýeleýän Nowruz agzybirligiň, parahatçylygyň we dost-doganlygyň baýramydyr. Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessur çärelerinde hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri jemlenendir».

Döwlet Baştutany bahar paslynyň gelmegi bilen türkmen tebigatynyň has-da gözelleşýändigini we zähmetsöýer daýhanlarymyzyň täze hasylyň düýbüni tutýandyklaryny aýratyn belledi.

Gutlagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti ähli watandaşlarymyza berk jan saglyk, parahat we bagtyýar durmuş arzuw etdi. «Goý, Nowruzyň kalby joşdurýan owazlary agzybirligiň, dost-doganlygyň waspy bolup, hemişe ýaňlanyp dursun!» diýen sözler bilen döwlet Baştutany türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.


düýn 11:17
7.1k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

23.05.2026 15:54
6.5k+

Büzmeýin etrabynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Bagyr» ýaşaýyş toplumynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar. Paýtagty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksady......

23.05.2026 15:48
5.4k+

Iýun aýynda ýurdumyzda nähili medeni-dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri we Arkadag şäheriniň 3 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçiriler....

23.05.2026 13:12
3.2k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....