Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

  • 25.03.2026 13:04
  • 1.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gresiýanyň Prezidenti Konstantinos Tasulasa ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny ýollady.

Döwlet Baştutany öz gutlagynda Konstantinos Tasulasa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gresiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Gresiýanyň Garaşsyzlyk güni 25-nji martda bellenilýär. Bu baýram 1821-nji ýylda grek halkynyň Osman imperiýasyna garşy milli azatlyk ugrundaky göreşiniň başlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Gozgalaň özbaşdak grek döwletiniň döredilmegi bilen tamamlanan uzak möhletleýin garaşsyzlyk ugrundaky urşuň başlangyjy boldy.

Bu gün Gresiýanyň esasy milli baýramlarynyň biri bolup, ol her ýyl resmi çäreler we dabaralar bilen utgaşdyrylýar.


20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......