Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny milli baýram bilen gutlady

  • 23.03.2026 06:56
  • 2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife, şeýle hem ýurduň halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli gutlaglaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany öz gutlagynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini belledi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň we ony täze derejä çykarmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Pakistanyň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk we rowaçlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......