Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistanyň Prezidentini sapar bilen Pakistana çagyrdy

  • 22.03.2026 13:16
  • 5.9k+

2026-njy ýylyň 21-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Pakistan tarapynyň başlangyjy bilen guralan bu gepleşigiň dowamynda taraplar birek-biregi hem-de iki ýurduň halklaryny mukaddes Oraza baýramy we Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň mähirli salamyny we türkmen halkynyň Milli Liderine ýollan gutlaglaryny ýetirdi. Döwlet Baştutany hem öz gezeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň mähirli salamyny we gutlaglaryny, şeýle hem öz adyndan Pakistanyň ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun tutýandygyny nygtady.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ulag ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini belledi.

Muhammad Şahbaz Şarif geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyran saparyny hem-de ýurduň Prezidenti bilen geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy we Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Pakistanyň Premýer-ministri söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklap, Prezident Serdar Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda sapar bilen Pakistana gelmäge çagyrdy.

Döwlet Baştutany çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary doly goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-birege berk jan saglyk we döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......