25-nji martda ähli welaýatlarda gowaça ekişine başlanar

  • 21.03.2026 07:55
  • 4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň ähli welaýatlarynda gowaça ekişine 25-nji martda başlamaga ak pata berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada wise-premýer T.Atahallyýew hasabat berdi. Onuň aýtmagyna görä, bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Şeýle hem sebitlerde ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg etmek hem-de olary ekmek işleri alnyp barylýar. Bu çäreler azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we ilaty üpjün etmäge gönükdirilendir.

Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäginde oba hojalyk tehnikalary, gurallary we tohumlar doly taýýar edildi. Wise-premýer döwlet Baştutanyndan gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi haýyş etdi.

Prezident hasabaty diňläp, oba hojalygy toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegi we bugdaýa ideg edilende agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutany pagtaçy babadaýhanlar üçin öňde duran möwsümiň ähmiýetini belledi we ekiş möwsümine 25-nji martda başlamaga rugsat berdi. Ol hormatly ýaşululardan «bismilla» bilen işlere ak pata bermeklerini haýyş etdi we oba hojalyk işgärlerine zähmet üstünliklerini arzuw etdi.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......