Aşgabatda gender deňligi meselesi boýunça Parlamentara dialogy başlandy

  • 26.03.2026 17:04
  • 4k+

26-njy martda Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA) tarapyndan guralan «Gender deňligini ilerletmek: gender deňligi we gender zorlugyna garşy göreşmekde kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça Parlamentara dialogy» atly maslahat öz işine başlady. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda parlamentariler şu esasy ugurlar boýunça pikir alşar:

  • gender deňligini üpjün etmek we bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;
  • halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak we gender aýratynlyklaryny nazara alýan inklýuziw kanunlary kämilleşdirmek;
  • gender zorlugyna garşy göreşmek we onuň öňüni almak;
  • jemgyýetde durmuş taýdan goraglylyk we jogapkärçilik ulgamlaryny netijeli amala aşyrmak.

Bu maslahat Türkmenistanyň halkara guramalary bilen adam hukuklaryny goramak, esasanam, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny berkitmek ugrundaky hyzmatdaşlygynyň nobatdaky möhüm ädimidir.


06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

30.04.2026 20:14
1.7k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

29.04.2026 15:42
1.5k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......