22k+

Raşid Meredow Eýranyň ilçihanasynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Eýranyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Hameneýiniň aradan çykmagynyň hatyrasyna açylan gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy...

16k+

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary ýola goýuldy

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Ak Işan» aramgähine zyýarat etmek isleýän raýatlar üçin «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ tarapyndan «Sarwan» hususy kärhanasynyň goldawy bilen haýyr-sahawat maksatly tölegsiz awtobus gatnawlary başlandy...

1.9k+

Türkmenistanyň Ilçisi Bolgariýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy

2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Sofiýa şäherinde saparda boldy. Saparyň esasy maksady Bolgariýanyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmakdy...

18k+

Aýjan Baýramowa «Talyp gözeli — 2026» boldy

4-nji martda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli — 2026» gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Emin agzalarynyň karary bilen bäsleşigiň baş baýragyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýjan Baýramowa mynasyp boldy...

14k+

Türkmen-eýran serhediniň üsti bilen Türkmenistana 16 döwletden 200 adam geçdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaý bilen baglylykda ýörite habar ýaýratdy. Habarda ýurduň ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine, şeýle hem halkara borçnamalaryna ygrarlydygy bellenilip, daşary ýurt raýatlarynyň we ulag serişdeleriniň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin ähli zerur şertleri üpjün edýändigi nygtalýar...

15k+

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi  

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar–fewral aýlarynda bitiren işleriniň netijelerine seredildi diýip, TDH habar berýär...

6k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...

6.9k+

Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko altynjy gezek kosmosa uçmaga taýýarlanýar

Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak merkezi «Roskosmosyň» kosmonawty, Türkmenistanyň gahrymany Oleg Kononenkonyň «Soýuz MS-31» gämisiniň serkerdesi edilip bellenilendigini habar berdi. Onuň baştutanlygyndaky uçuş HKS-77 (Halkara kosmos stansiýasy) ekspedisiýasynyň çäklerinde amala aşyrylar...

8.7k+

Türkmenistanda birnäçe ulag taslamalary ulanylmaga berler

Şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy tamamlanar we ulanylmaga berler...

6.7k+

Aşgabatda TFF-iň Kubogy ugrundaky ýaryş başlady

Şu gün, 3-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrunda geçiriljek nobatdaky ýaryş başlandy. 12-nji marta çenli dowam etjek bu ýaryşda sekiz topar çykyş eder. Geçirilen bije çekişligiň...

1.1k+

Aşgabatda «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli paýtagtdaky Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi. «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň başlangyçlary we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky «Milli derejede kesgitlenen goşantlary (MDKG 3...

2.8k+

Baýramçylyk maslahatynda zenanlaryň we eneleriň ornuna ähmiýet berildi

2-nji martda Aşgabadyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene hüwdüsi — iň kämil eser» atly dabaraly maslahat geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlis, Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy...

15k+

Türkmenistanyň DIM-i Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglylykda aladalanma bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy belleýär...

16k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Dubaýa we Jiddä uçuşlary wagtlaýyn togtadýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Dubaý — Aşgabat we Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylýandygyny habar berdi. Awiakompaniýanyň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, uçuşlar 2026-njy ýylyň 2-nji martyndan 4-nji martyna çenli ýatyryldy...

12k+

Ygally hepde: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar...

7.7k+

Türkmenistanda ilkinji gezek: Ýörite biznes üçin awtomatlaşdyrylan satyn alyş hyzmaty

Ýerli B2B platformasy 📈ALSAT, täjirçilik teklibini almak üçin awtomatik gabat getirmek funksiýasyny işe girizdi. Türkmen topary tarapyndan döredilen sanly hyzmat kompaniýalara satyn alyşyň täze formatyny hödürleýär: bir haryt sanawy, katalog bilen awtomatik deňeşdiriş we birnäçe sagadyň dowamynda saýlamanyň taýýarlygy barada habarnama...

4.1k+

Beýik Britaniýanyň ilçihanasy sanly wiza ulgamyna geçilýändigini mälim etdi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi. 2026-njy ýylyň 25-nji fewralyndan başlap, Beýik Britaniýanyň immigrasiýa ulgamy sanly görnüşe geçdi. Diplomatik wekilhananyň berýän maglumatyna görä, Beýik Britaniýa girmek üçin wiza talap edilýän ähli daşary ýurt raýatlary indi diňe elektron wiza (eVisa) alar...