Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň agrar ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

  • 04.03.2026 14:26
  • 1.5k+

3-nji martda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A. Annaýew Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň wise-rektory Teodor Ioan Treske bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de netijeli häsiýeti bellenildi. Taraplar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Buharestiň ýokary okuw mekdebiniň arasynda hereket edýän hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň çäklerinde eýýäm ýola goýlan gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtady.
Duşuşyga gatnaşyjylar iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdy. Hususan-da, bilelikdäki akademiki we hünärmenler çärelerini geçirmek barada gürrüň edildi.
Şeýle hem Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gatnaşmagynda mowzuklaýyn çäreleri guramagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny bildirdi.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......