Türkmenistanda 400-den gowrak mekdep okuwçysy taslamalar bäsleşigine gatnaşdy

  • 05.03.2026 15:37
  • 4.7k+

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 11–12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleriň çäginde ylmy-döredijilik taslamalarynyň bäsleşiginiň döwlet tapgyry boldy. Bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guraldy.
Ministrligiň berýän maglumatlaryna görä, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna 401 mekdep okuwçysy gatnaşdy. Olar welaýatlarda, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen sebit tapgyrlarynda birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelän jemi 245 sany taslamany hödürledi.

Taslamalar on sany okuw dersi — ene dili we edebiýat, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa, ekologiýa, biologiýa, himiýa, matematika, fizika we informatika, şeýle hem robototehnika boýunça taýýarlandy. Işler bir okuwçy ýa-da iki okuwçy tarapyndan bir mekdebiň degişli synp okuwçylary tarapyndan ýerine ýetirildi.
Emin agzalary taslamalara birnäçe ugurlar: ylmylygy, täzeligi, iş ýüzünde ulanyp bolmak mümkinçiligi we gatnaşyjylaryň öz işlerini gorap bilmek ukyby boýunça baha berdi. Her ders we robototehnika boýunça iň gowy üç sany taslama (birinji, ikinji we üçünji orunlar) kesgitlenildi.
Matematika, fizika, informatika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylary adaty mekdepleriň okuwçylaryndan aýratynlykda bäsleşdi. Beýleki dersler we robototehnika boýunça bolsa dürli görnüşli mekdepleriň gatnaşyjylary bilelikde bäsleşdi.


08.05.2026 22:36
2.7k+

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik......

08.05.2026 12:46
1.4k+

Türkmenistan Skopýede geçirilen demografik durnuklylyk boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen Demografik durnuklylyk boýunça «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» atly sebit ministrler maslahatyna......

01.05.2026 23:32
10k+

Türkmenistanda geljekki birinji synp okuwçylaryna kompýuter sowgat bermek däbi dowam etdiriler

Türkmenistanda täze okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synpyna okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat bermek boýunça asylly däp dowam etdiriler. Degişli Karara anna......

26.04.2026 20:55
3.5k+

Türkmenistan we Russiýa ylym-bilim ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary kesgitledi

21–22-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy we rus hyzmatdaşlary bilen......