Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby «Gözlegleriň gözýetimi – 2026» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 03.03.2026 13:18
  • 6.7k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäriniň IV ýyl talyby Zyýada Ýusubowa «Gözlegleriň gözýetimi – 2026» (Горизонты исследований – 2026) atly halkara ylmy-barlag işleriniň bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň «Ylym formulasy» (Формула науки) atly ylmy-barlag merkezi tarapyndan guraldy. Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekili bu çärä onlaýn görnüşinde gatnaşyp, «Beýik Seljuk türkmen döwletiniň medeniýeti» atly ylmy makalasyny hödürledi.
Bäsleşigiň jemleri boýunça eminler topary temanyň ýörgünliligine, barlaglaryň çuňlugyna, awtoryň döredijilikli çemeleşmesine we işiň bezeliş hiline ýokary baha berdi. Zyýada Ýusubowanyň makalasy «Iň gowy ylmy makala» diýen ada mynasyp boldy we I derejeli diplom bilen sylaglandyryldy.
Bu bäsleşige Russiýanyň we daşary ýurtlaryň bilim edaralaryndan talyplar, magistrantlar, aspirantlar we mugallymlar gatnaşdy.
Her ýyl geçirilýän bu çäre ylmy-barlag işlerini goldamaga hem-de ylym we bilim ulgamynda zehinli gatnaşyjylary ýüze çykarmaga gönükdirilendir.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......