Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi sapar bilen barar. Işewürlik maslahatyna we Rimde serginiň açylyşyna gatnaşar
Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrar. Sapara taýýarlyk görlüşi barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler...