Noýabr-dekabrda Türkmenistanda geçiriljek halkara bilim olimpiadalary, bäsleşikler we halkara ylmy-amaly maslahatlar

  • 24.10.2025 11:38
  • 3.5k+

23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara bilim olimpiadalary we bäsleşikleri, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sanly ulgam arkaly hem-de utgaşykly görnüşde geçirilmegi meýilleşdirilýän bu olimpiadalara, ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary bilen birlikde dünýäniň iri ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Hususan-da,

  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasyny,
  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy” atly halkara ylmy-amaly maslahaty,
  • S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we IV açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny,
  • Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady ösüşleriň özeni” atly halkara internet olimpiadasyny,
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary” atly II halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de maliýe dersi boýunça II açyk halkara olimpiadany,
  • Türkmen döwlet maliýe institutynda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary dersi boýunça II açyk halkara olimpiadany,
  • Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika dersi boýunça V açyk halkara internet olimpiadasyny,
  • Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Ýaşyl Zemin — abadan durmuş” atly ýaş fotožurnalistleriň halkara döredijilik bäsleşigini,
  • Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly II halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly II halkara ylmy-taslama bäsleşigini,
  • Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara maslahatlary hem-de olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


02.06.2026 20:35
3.5k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......