Serdar Berdimuhamedow Rimde näbelli esgeriň guburyna gül goýdy

  • 25.10.2025 09:43
  • 7.6k+

24-nji oktýabrda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy.

Italiýanyň Fýumiçino “Leonardo Da Winçi” halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Italiýanyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Rime saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz “Altare della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül goýdy.
Ýadygärlik binasynyň öňünde döwlet Baştutanymyzy Italiýa Respublikasynyň goranmak ministri Gwido Krozetto we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Goranmak ministrliginiň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentini garşylamak dabarasynyň başlanýandygyny yglan etdi. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy.
Goranmak ministrliginiň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary mynasybetli harby nyzama düzülendigi barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Döwlet baýdagyny sarpalady.
Soňra döwlet Baştutany “Altare della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýdy.
Soňra dostlukly ýurduň goranmak ministri döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşýan Italiýanyň ýokary derejeli harby wekiliýeti bilen tanyşdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýanyň azatlygy we garaşsyzlygy üçin janyny gurban eden gahrymanlary sarpalamagy Türkmenistanyň halkynyň dostlukly ýurduň taryhyna we milli gymmatlyklaryna çuňňur hormatynyň aýdyň beýany boldy.


şu gün 11:28
278

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......