Raşid Meredow Indoneziýanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 23.10.2025 11:14
  • 918

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Indoneziýayň daşary işler ministri Sugiononyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanjak Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Indoneziýanyň arasynda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Milletler Bileleşiginiň çäklerinde umumy işleri amal etmek boýunça, hususan-da, Türkmenistanyň we Indoneziýanyň halkara meýdançalarynda öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde mümkin bolan ähli tagallalary etmek barada ylalaşdylar.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......