Türkmenbaşyda Halkara Deňiz Guramasy we Halkara Gidrografik Guramasy bilen bilelikde sebitleýin okuw maslahaty geçiriler

  • 24.10.2025 11:44
  • 6k+

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Halkara Deňiz Guramasy we Halkara Gidrografik Guramasy bilen bilelikde sebitleýin okuw maslahaty geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde bu baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Çakyýew deňiz-derýa ulaglary pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) degişli halkara konwensiýalarynyň talaplaryny ýokary derejede üpjün etmek we bu ugurda deňizçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen zerur işler alnyp barylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň deňiz söwda flotunyň işini kämilleşdirmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......