Aşgabatda BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat açyldy

  • 23.10.2025 12:12
  • 1.3k+

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilýän foruma gatnaşyjylary Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlady.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda üç gezek ykrar edilmeginiň demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji, gurujy we parahatçylyk söýüji halkymyzyň halkara at-abraýyny has belent derejä göterýändigini belledi.

"Geçen taryhy döwürde toplanan daşary syýasy we diplomatik tejribe Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň gün tertibinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň möhüm meseleleri bilen birlikde, Türkmenistanyň bilelikdäki ählumumy tagallalara goşýan saldamly goşandy, öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişi baradaky meseleleriň hem üns merkezinde boljakdygyna ynanýaryn" diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutany «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilmeginiň Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk, hoşniýetlilik we Bitaraplyk syýasatynyň ajaýyp miwesidigini nygtady.

"Bu taryhy maslahatda oňa gatnaşyjy döwletleriň geljek on ýyl üçin ösüşiniň strategik ugruny kesgitleýän 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi hem-de Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi Türkmenistanyň başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň aýdyň mysalydyr" diýlip, gutlagda bellenilýär.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......