Türkmenistan ÝUNESKO-nyň maslahatynda sportuň arassalygyny goramak we dopinge garşy göreş tagallalaryna goldawyny bildirdi

  • 24.10.2025 10:01
  • 2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Sportda dopinge garşy göreş baradaky Halkara konwensiýasynyň Taraplarynyň Maslahatynyň 10-njy sessiýasyna (COP10) gatnaşdy. Mejlis Fransiýanyň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda 20-22-nji oktýabr aralygynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Wekiliýete Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň halkara bölüminiň başlygy Ş.Serýaýew hem-de Türkmenistanyň Milli antidoping agentliginiň başlygy L.Artykowa ýolbaşçylyk edýär.
Sessiýanyň gün tertibine Konwensiýanyň ýerine ýetirilişi boýunça hasabatlar, Sportda dopingi aradan aýyrmak boýunça gaznanyň işi, halkara hyzmatdaşlyk mehanizmlerini kämilleşdirmek meseleleri, şeýle hem bilim, öňüni alyş we antidoping gymmatlyklaryny wagyz etmek babatynda döwletleriň mümkinçiliklerini berkitmek ýaly giň ugurlar girizildi.
Konwensiýa şu ýyl 20 ýyl boldy.
Mejlisleriň dowamynda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Konwensiýanyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady hem-de ÝUNESKO-nyň sporty arassalygyny goramak we dopinge garşy göreşiň halkara mehanizmlerini kämilleşdirmek ugrunda edýän tagallalaryna goldawyny bildirdi.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....