Türkmenistanyň bilim ministri Hytaýyň ilçisi bilen täze taslamalary maslahatlaşdy

  • 25.10.2025 07:33
  • 2.3k+

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Si Şumin bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň saýtynda habar berilýär.

Ministr ilçini wezipesine girişmegi bilen gutlap, bilim ulgamy boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýetini nygtady.
Taraplar hytaý dilini öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek we akademiki alyş-çalşyklary işjeňleşdirmek, mugallymlaryň hünär taýdan kämilleşdirilmegini ösdürmek, şeýle hem sanly bilim tehnologiýalary boýunça bilelikdäki taslamalary ilerletmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy hereket edýän grant başlangyçlaryna berilýän Hytaýyň goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen talyplary üçin stipendiýa mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlykda sanly çözgütlere gönükdirilen taslamalary barada maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, Türkmenistanda «Lu Banyň ussahanasy» taslamasyny amala aşyrmak boýunça gepleşik geçirildi. Taslama Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit gaz uniwersiteti, Hebeý nebit hünär-tehniki we Siýan Şiyou uniwersitetleri gatnaşýar.
Duşuşygyň netijesinde taraplar amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýarlygyny tassykladylar.


02.06.2026 20:35
3.5k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......