Raşid Meredow 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumynda çykyş etdi

  • 25.10.2025 07:28
  • 2.7k+

22-nji oktýabrda türkmen wekiliýeti 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy. Wekiliýete Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, «Baglanyşyga maýa goý – durnuklylykda ös» şygary astynda geçirilýän halkara forumyna dünýäniň 60-dan gowrak ýurdunyň ýokary derejeli döwlet wekilleri, işewür toparlaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bolan 2000-den gowrak adam gatnaşdy.
Tbilisi Ýüpek ýoly forumy 2014-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda öňe sürlen möhüm başlangyç hökmünde döredildi. Häzirki wagtda ol söwda, ulag, energetika we sanly arabaglanyşyk meseleleri boýunça strategik pikir alyşmalary ilerletmäge yzygiderli goşant goşýan öňdebaryjy halkara çärä öwrüldi.

Forumda çykyş etmek bilen, R.Meredow Türkmenistanyň howpsuzlyga ählumumy we bölünmez konsepsiýa hökmünde garaýandygyny, onuň dürli ugurlary öz içine alýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmak, öňüni alyş diplomatiýa we bitaraplyk ýörelgeleriniň amaly taýdan durmuşa geçirilmegi ýaly üç esasy sütüne esaslanjak Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak mümkinçiligine garamagy teklip edýär.
Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge hem-de ählumumy ykdysady, ulag we energetika baglanyşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi, şeýle hem Hazar we Gara deňizleriniň ekoulgamyny goramak boýunça halkara platformasyny döretmekde tagallalary birleşdirmegiň maksadalaýyk hasaplaýandygy bellenildi.
R.Meredow Türkmenistanyň halkara hukugyň hökmürowanlygyny berkitmek ugrundaky tagallalaryna ygrarlydygyny nygtap, 2028-nji ýyly Halkara hukugyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürlendigini belledi.
Forumyň çäklerinde ulag we logistika, «Orta geçelgäniň» ösdürilmegi, energetika we sanly tehnologiýalar, şeýle hem Gruziýanyň maýa goýum gurşawy we mümkinçilikleri boýunça panel sessiýalary hem geçirildi.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......