Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi sapar bilen barar. Işewürlik maslahatyna we Rimde serginiň açylyşyna gatnaşar

  • 24.10.2025 11:08
  • 5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrar. Sapara taýýarlyk görlüşi barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler. Häzirki wagtda bu sapara taýýarlyk görmek maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy” atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Italiýa bilen diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialog giň ugurlary öz içine alýar. Şu günki güne çenli türkmen-italýan gatnaşyklarynyň hukuk binýady resminamalaryň 39-sy bilen berkidildi.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......