Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gutlady

  • 24.10.2025 11:30
  • 1.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Geçen segsen ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň birleşdirilýän möhüm merkezine öwrüldi. Gurama tarapyndan kabul edilen möhüm resminamalar we durmuşa geçirilen başlangyçlar häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň pugta binýadyny düzýär” diýlip, döwlet Baştutanynyň gutlagynda nygtalýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde, energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa we durnukly ösüş ugurlarynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi we pugtalandyrmagy dowam etdirer diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi, şeýle hem BMG-niň Sekretariatynyň ähli agzybir işgärlerine mähirli gutlaglaryny we täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.


şu gün 12:31
1.5k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
407

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
659

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......