Rimde Kapitoliý muzeýinde ilkinji gezek «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergi geçiriler

  • 23.10.2025 11:51
  • 4.1k+

2025-nji ýylyň 25-nji oktýabryndan 2026-njy ýylyň 12-nji apreli aralygynda Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýiniň Palazzo dei Conservatori zallarynda «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergi geçiriler. Italiýaly tomaşaçylara ilkinji gezek Margiana we Parfiýa gadymy medeniýetleriniň arheologik tapyndylary görkeziler.

Sergi Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän taryhy Margiana (b.e.öň III–II müňýyllyk) hem-de Türkmenistanyň merkezi-günortasyndaky Nusaý arheologik toplumyndan (b.e.öň II asyr – b.e. I asyr) tapylan gadymy Parfiýa eksponatlaryny birleşdirýär.

Bu eksponatlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan berilýär we gadymy medeniýetleriň ýokary hünärmentçilik derejesini görkezýär.


Sergi Rim şäheriniň häkimiýeti, Rim şäheriniň medeniýet müdirligi we Kapitoli medeni miras müdirligi tarapyndan Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guralýar.
Taslamanyň hyzmatdaşlary hökmünde «Zètema Progetto Cultura», «ISMEO» (Ortaýer deňzi we Gündogar boýunça halkara ylmy birleşik), «CRAST» (Turiniň Ýakyn Gündogarda we Aziýada arheologik gözlegler merkezi) we Turin uniwersiteti çykyş edýärler.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.7k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......