Türkmenistanyň Prezidenti itşynaslary Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady

  • 25.10.2025 15:07
  • 6.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň itşynaslaryny, alabaý itleriniň janköýerlerini we ýurdumyzyň halkyny Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady.

Döwlet Baştutany gutlagynda öý-ojagy, asudalygy goramakda, wepalylykda türkmen alabaýlarynyň tebigy we nusgalyk häsiýetlere eýedigini belläp geçýär.

"Taýsyz bedew atlary seýisläp ýetişdiren türkmen halky arassa ganly tohum itlerini ýetişdirmekde-de dünýä nusgalyk ýoly döredipdirler. Olar itlerde eýesine wepalylyk, hüşgärlik, ugurtapyjylyk, garadangaýtmazlyk ýaly häsiýetleri kemala getirmegi başarypdyrlar. Arassa ganly tohum alabaý itleri gadymy halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Döwlet Baştutany milli itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi.

"Ýurdumyzda bu möhüm pudagy ösdürmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Munuň özi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi üçin kuwwatly itergidir. Şeýle hem ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnaly döredildi. Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän türkmen alabaýlarynyň merkezleri guruldy.
Bulardan başga-da, ýurdumyzda her ýyl Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilip, onuň çäklerinde dürli bäsleşikler guralýar. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna mynasyp bolmak ugrunda geçirilýän bäsleşige itşynaslarymyzyň ösdürip ýetişdirýän alabaýlary gatnaşdyrylýar we gözden geçirilýär. Munuň özi gözelligiň nusgasy bolan ajaýyp gylykly türkmen alabaýlaryny synlamaga döredilen uly mümkinçilikdir. Alabaýlaryň köpeldilmegi, arassa ganlylygynyň saklanylmagy, dünýäde wagyz edilmegi bilen bagly işleriň toplumlaýyn häsiýetde alnyp barylýandygynyň aýdyň nyşanydyr" diýip, döwlet Baştutany belledi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......