Türkmenistan Botswana Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

  • 24.10.2025 10:06
  • 2.1k+

20-nji oktýabrda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistan bilen Botswana Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýanata gol çekmek dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda  geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, dabaranyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Botswana Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Çarlz Masoleniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, guramalaryň ugry boýunça, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar BMG-niň gün tertibinde özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň barşynda ilçi A.Ataýewa Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Botswana Respublikasynyň Hökümetini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Botswana Respublikasynyň hökümetlerini we halklaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutlap, bu ädimiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkemegine we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm itergi berjekdigini nygtadylar.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....