CNPC «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başynda özleşdirmäge girişer

  • 25.10.2025 14:25
  • 7.1k+

Hytaýyň nebitgaz korporasiýasy (CNPC), Türkmenistanyň iň iri tebigy gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başlarynda başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2025 halkara forumynda aýtdy.

Onuň bellemegine görä, käni jemi ýedi tapgyrda özleşdirmek meýilleşdirilýär.

«Birinji tapgyr üstünlikli tamamlandy. Bu çäkde ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr bolan üç sany gazy gaýtadan işleýän zawod guruldy we häzirki wagtda durnukly işleýär», diýip M.Babaýew aýtdy.

Taslamanyň ýyllyk kuwwaty 10 milliard kub metre barabar boljak 4-nji tapgyry halkara bäsleşiginiň ýeňijisi bolan CNPC tarapyndan durmuşa geçiriler.

«Bu tapgyryň senagat taýdan durmuşa geçirilmegine indiki ýylyň başynda girişiler. Taslama dolulygyna Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär», diýip konserniň başlygy belledi.

M.Babaýewiň sözlerine görä, eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek ýurduň gaz syýasatynyň esasy ugrudyr. Häzirki wagtda Türkmenistan –  Hytaý gaz geçirijisiniň A, B we C şahalary boýunça ýylda takmynan 40 milliard kub metr gaz iberilýär.
4-nji şaha (D ugry) işe girizilenden soň, bu mukdaryň takmynan 65 milliard kub metre çenli ýokarlandyrylmagy göz öňünde tutulýar. M.Babaýewiň bellemegine görä, bu çözgüt Türkmenistanyň eksportynyň durnuklylygyny dünýäniň iň çalt ösýän energetika bazarlarynyň birinde has-da güýçlendirer.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....