Türkmenistanyň sport ulgamynyň wekilleri Mongoliýada halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar

  • 23.10.2025 12:03
  • 1.4k+

Türkmenistanyň sport ulgamynyň wekilleri 20-21-nji oktýabrda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplar sporty boýunça guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň saýtynda habar berlişi ýaly, «Ýokary bilim ulgamynda saglygy, abadançylygy we sporty ösdürmek» atly halkara okuw maslahatyna Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş kätibi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň başa-baş tutluşyk kafedrasynyň uly mugallymy Serdar Gurdow wekilçilik etdi. Maslahaty Aziýa yklymyndaky talyplar sport federasiýasy, Halkara talyplar sporty federasiýasy we Mongoliýanyň talyplar sporty federasiýasy bilelikde guradylar.
Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda talyplar sportunyň ösüşi, talyplaryň bedenterbiýe taýýarlygy, sport çäreleriniň utgaşdyrylmagy, şeýle hem sebitiň türgenleriniň yklym we dünýä derejesindäki ýaryşlara gatnaşygyny giňeltmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa şeýle hem Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly ýurtlaryň wekilleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasy 1995-nji ýyldan bäri Halkara talyplar sporty federasiýasynyň (FISU), 2004-nji ýyldan bäri bolsa Aziýanyň talyplar sporty federasiýasynyň (AUSF) agzasy bolup durýar. 2024-nji ýylda bolsa Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň çözgüdi bilen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna resmi taýdan kabul edildi.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......