Hindistanyň täze ilçisi Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

  • 23.10.2025 11:18
  • 1.5k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabudan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşykda halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň özara gatnaşyklaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Hindistanyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatyna hem-de onuň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän halkara başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýändigi bellenildi.
Mundan başga-da, diplomatlar medeniýet we bilim ugurlarynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha bermek bilen, ony mundan beýläk-de ösdürilmek boýuça pikir alyşdylar.
Ilçi Bandaru Wilsonbabu türkmen tarapyna myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......