«Arkadag» FK Kataryň «Al-Ahli» topary bilen duşuşygynda deňme-deň oýnady

  • 23.10.2025 10:45
  • 5.8k+

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» FK Kataryň «Al-Ahli» topary bilen AFK-2 Çempionlar Ligasyndaky toparlaýyn tapgyryň üçünji oýnunda deňme-deň oýnady. Duşuşyk Dohada «Al-Tumama» stadionynda geçirildi we 2:2 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň birinji ýarymynda ýer eýeleri öňe saýlandylar: Mateý Mitrowiç 41-nji minutda, Miýel Wlap bolsa 56-njy minutda gol geçirdi.
Şondan soň türkmen topary tutanýerlilik görkezip, ýeňlişden gutuldy. 79-njy minutda Baýram Ataýew, duşuşyga goşmaça berlen birinji minutda bolsa (90+1) Mekan Saparow gol geçirip, hasaby deňledi.

Toparyň beýleki oýnunda Özbegistanyň «Andijan» topary öz meýdanynda Bahreýniň «Al-Haldiýa» topary bilen 0:0 hasabynda deň oýnady.
Üç tapgyrdan soň «B» toparçada ýagdaý şeýle: «Al-Haldiýa» – 5 utuk, «Andijan» we «Al-Ahli» – 3 utuk, «Arkadag» FK – 2 utuk.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......