Türkmenistan 2027-nji ýylyň başynda TOPH boýunça Owganystana gaz iberip başlamagy meýilleşdirýär

  • 25.10.2025 12:11
  • 11k+

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi boýunça Owganystana türkmen gazyny 2027-nji ýylyň başynda iberip başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

Gaz geçirijiniň yzynlygy 214 kilometr bolan türkmen bölegi eýýäm doly gurlup tamamlandy. Serhetabat – Hyrat aralygyndaky 153 kilometrlik Owganystan böleginiň gurluşygy başlandy we häzirki wagtda işjeň dowam edýär. M.Amanowyň sözlerine görä, esasy gurluşyk işleri indiki ýylyň soňuna çenli tamamlanar, şeýlelikde gazyň iberilişi 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylyň başynda başlanar.
M.Amanow, şeýle hem, Pakistan bilen alnyp barylýan gepleşikleriň ýagdaýy barada aýdyp geçdi.

«Biz Pakistanyň geljekki maýa goýumlaryny gorap biljek we maýa goýujylara hem-de maliýe guramalaryna — şol sanda döwlet edaralaryna we gaz ulag agentliklerine — ynam berjek möhüm ylalaşyklara goşulyşmagyna işjeň gatnaşýarys», diýip ol belledi.

Onuň bellemegine görä, gepleşikleriň 90%-den gowragy eýýäm ylalaşyldy we bu tapgyryň doly tamamlanmagy 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda meýilleşdirilýär.
TOPH gaz geçirijisi «Galkynyş» gaz käninden ýylda 33 milliard kub metr gazy daşamaga niýetlenendir. Şondan 5 milliard kub metri Owganystana, 14 milliard kub metri bolsa Pakistan we Hindistana iberiler.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......