Muhammetgeldi Aýazow Saud Arabystanyndaky ilçi hökmünde wezipesine girişdi

  • 25.10.2025 07:36
  • 4.2k+

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abdul Majid bin Raşid Al Samarä özüniň ynanç hatlaryň nusgalaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-saud gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek boýunça meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saud diplomaty täze bellenen türkmen ilçisini wezipesine girişmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi ugrunda bilelikde işleşmäge taýýardygyny nygtady.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

29.05.2026 08:03
7.6k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......