Aşgabatda BMG-niň 80 ýyllygy bellenildi we hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi

  • 25.10.2025 07:22
  • 1.6k+

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Maslahatyň işini Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa alyp bardy.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyň wise-premýeri, Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.
Maslahatda Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili N.Saakýan, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Ý.Zaýsew, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji M.Biýker, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary F.Saprykin çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda degişli ministrlikleriň ýolbaşçylary we BMG ulgamynyň edaralarynyň wekilleriniň eden çykyşlary Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ugurlaryny şöhlelendirdi. Olaryň esasylarynyň hatarynda saglygy goraýyş, bilim, durmuş taýdan goraglylyk, ykdysadyýet, ekologiýa we sanly özgertmeler ýaly ulgamlar bar.
Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmekde, sebitde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnuklylygy pugtalandyrmakda, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen hyzmatdaşlykda alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň 80 ýyllygynyň diňe bir möhüm sene däl-de, eýsem, parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine bolan ygrarlylygy tassyklamak üçin ýene-de bir mümkinçilik bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Soňra Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna dabaraly ýagdaýda gol çekildi. Bu resminama taraplaryň geljekki döwür üçin hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlaryny kesgitleýär.


düýn 11:41
3.2k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......