Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady bagy-bossanlyga büremek işleriniň depginine nägilelik bildirdi

  • 25.10.2025 09:31
  • 7.9k+

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyryp, Bitaraplyk binasyny döwrebaplaşdyrmak we onuň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly işleriň barşy bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabatda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk ýagdaýynda we paýtagtymyzy bagy-bossanlyga büremek işlerinde haýal-ýagallyga ýol berlendigi üçin Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa nägilelik bildirdi.
Saparynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň çäginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerine geldi. Bu ýerde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümi geçiriler. Şu mynasybetli bu ýerde ekiljek türkmen arçalarynyň nahallary taýýarlanyldy.
Bitaraplyk baýramyny mynasyp derejede guramak we dabaralary guramaçylykly geçirmek bilen bir hatarda, ählihalk bag ekmek dabarasynyň talabalaýyk guralmalydygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu çärä şäher ilatynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek babatda öwüt-nesihatlaryny berdi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamalary bilen hemişelik Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň ähli düzümlerinde şanly senäni guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine giň gerim berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalar ýaýbaňlandyrylmalydyr.
Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçiriljek duşuşyklar, halkara derejedäki maslahatlar we medeni-köpçülikleýin çäreler häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede guralmalydyr. Aýratyn-da, şäheriň ekologiýa derejesine zerur üns berilmelidir. Saýaly bag nahallary ekilende, milli bagbançylyk ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......