Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasyna resmi sapary amala aşyrýar

  • 23.10.2025 11:07
  • 6k+

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine resmi sapary başlandy. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.

"Saparyň maksady ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary halkara jemgyýetçiligine ýetirmek, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak bolup durýar" - diýlip habarda aýdylýar.

Saparyň çäklerinde iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmäge we dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen duşuşyklar meýilleşdirildi.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....