Raşid Meredow Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde ýurduň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 23.10.2025 23:14
  • 4.6k+

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow resmi saparynyň çäginde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili hem-de Premýer-ministr Irakli Kobaħidze bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň diplomaty Gruziýanyň döwlet we hökümet ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowdan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Mihail Kawelaşwili bilen bolan duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, syýasy dialogy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda yzygiderli ýokary derejeli gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam edýändigi nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistan bilen Gruziýanyň halkara derejesinde, hususan-da, BMG-niň çäklerinde biri-biriniň başlangyçlaryny goldaýandygy bellenildi. Gruziýanyň Prezidenti Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga möhüm goşant goşýandygyny aýratyn belledi.


 

Premýer-ministr Irakli Kobaħidze Raşid Meredow bilen bolan duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçen gepleşikleriň netijeliligini belläp, olaryň özara hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
Saparyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçorişwili we Parlamentiň başlygy Şalwa Papuaşwili bilen hem duşuşdy. Taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegi, parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şeýle hem ulag, söwda, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......