Tatarystanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar

  • 23.10.2025 11:33
  • 1.8k+

Aşgabatda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde türkmen mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça on günlük okuwlar başlandy. Okuwlary RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Neberežnyý Çelny şäherindäki Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň (NGPU, RF) hünärmenleri alyp barýar.

Çärä Milli bilim instituty, mugallymçylyk okuw jaýlary, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň bilim edaralary, şeýle hem Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşýarlar. Olaryň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet pedagogiki instituty we sport we syýahatçylyk instituty bar. Jemi 300-den gowrak hünärmen bu maksatnama gatnaşýar.
Okuwlaryň esasy ugurlary:

  • ösüşi çäkli çagalaryň inklýuziw okadylyşy,
  • häzirki zaman mekdeplerinde bilimiň hilini bahalandyrmak,
  • ýokary okuw mekdebinde psihologiýa we pedagogika,
  • okuwçylaryň ylmy-barlag hem-de taslama işleri,
  • başlangyç synp okuwçylarynyň tebigy ylymlar boýunça düşünjesini ösdürmek we bahalandyrmak.

Her ugur boýunça sanly okuw modullary hem döredilipdir — bu mugallymlara häzirki zaman okuw gurallaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Russiýaly kärdeşler bilen tejribe alyşmak işi Türkmenistanda üçünji ýyl dowam edýär. Okuw maksatnamalary her ýyl täzelenýär we häzirki zaman pedagogik talaplara laýyk getirilýär.
2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Tatarystanyň NGP uniwersitetiniň arasynda ylmy-usuly hyzmatdaşlyk, bilelikdäki okuw gollanmalaryny döretmek we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ylalaşyklar baglaşylypdy.


düýn 18:59
2.2k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

düýn 16:18
761

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

12.06.2026 18:12
6k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

12.06.2026 16:37
5.3k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......