Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Indoneziýanyň Surabaýa şäherinde ýakynda geçirilen «World Youth Invention and Innovation Award 2025» (WYIIA) halkara ylmy bäsleşiginde altyn medala mynasyp boldular.
Uniwersitetiniň mugallymy Ogulnur Rozyýewanyň ýolbaşçylygyndaky talyplar Gadyr Orazberdiýewden we Selbi Kerimgulyýewadan ybarat topar bäsleşikde «Insilico-ny (kompýuter simulýasiýasyny) we emeli aňy ulanmak arkaly klaritromisine durnukly bolan Helicobacter pylori bakteriýasynyň 23S geniniň garşysyna täze ingibitorlaryň işlenilip taýýarlanylmagy» atly ylmy işi görkezdiler.
Ýaş alymlar öz ylmy işinde emeli aň we kompýuter modelirleme usullaryny ulanyp, aşgazan-içege ýollarynda kesel döredýän Helicobacter pylori bakteriýasynyň garşysyna derman serişdeleriniň täze görnüşlerini döretmek boýunça barlag geçirdiler.
Talyplarymyzyň ylmy taslamasy halkara derejesinde ýokary baha alyp, altyn medala we «Semi Grand Award» baýragyna mynasyp boldy.
Türkmenistanyň talyplaryna iri halkara gözden geçirilişinde dünýäniň dürli künjeklerinden bolan ýaş alymlaryň örän güýçli toparlarynyň arasynda uly bäsdeşlik şertlerinde bolmak bilen şeýle ajaýyp netije gazanmak başartdy. Abraýly bäsleşigiň çäklerinde Indoneziýanyň, Malaýziýanyň, Türkiýäniň, Günorta Koreýanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Filippinleriň, Özbegistanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň ýaş alymlary ylmy işleri bilen çykyş etdiler.