3.3k+

Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi

28-nji noýabrda Almaty şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Gazagystanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň (UNRCCA) ýardam bermeginde guraldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

3k+

Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçirildi

26-27-nji noýabrda Katar döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär...

1k+

Türkmenistanyň DIM-nde Hindistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

27-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşygyň barşynda diplomatlar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini, şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar...

3.2k+

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Er-Riýadda UNIDO-nyň konferensiýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüşi Guramasynyň (ÝUNIDO) 21-nji Baş konferensiýasynyň işine gatnaşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu sammit 23–27-nji noýabr aralygynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçdi...

931

Raşid Meredow kubaly kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar...

1.1k+

Türkmenistanyň we Gruziýanyň DIM-leri konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi

20-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleriniň ikinji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy D...

1.5k+

Bişkekde CAREC-iň sanly geçelgesini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi

18–20-nji noýabrda maliýe ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň we Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkekde geçirilen CAREC 2025 işewürlik forumyna we Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) «Ýaşyl we sanly CAREC» atly 24-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy...

3.5k+

Türkmen diplomat-talyplarynyň Saud Arabystanynda okuw sapary tamamlandy

16-20-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministliginiň ýanyndaky Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglary institutynda okuw saparynda boldular...

6.2k+

Bakuwda Türkmenistanyň ilçisiniň Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi bilen duşuşygy boldy

14-nji noýabrda Türkmenistanyň ilçisi G.Elýasow Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezidentiň Diwanynyň Daşary syýasat meseleleri boýunça bölüminiň müdiri Hikmet Hajiýew bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada giňişleýin pikir alyşdylar...

2.2k+

Niger Respublikasynyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

12-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Niger Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Seýdu Zatu Aly bilen duşuşyk geçirdi...