Türkmenistanyň daşary işler ministri hindi ilçisi bilen duşuşdy

  • 09.01.2026 14:38
  • 2.4k+

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň dowamynda ýokary döwlet derejesindäki saparlary we duşuşyklary guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň özara saparlarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy geňeşmeleriň deslapky gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Söwda-ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi we onuň indiki mejlisini ýakyn wagtda geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda geljekki duşuşyklarda we saparlarda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryna hem seredilip geçildi.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 22:18
7k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....