Türkmenistan YHG-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 29-njy mejlisinde çykyş etdi

  • 30.11.2025 09:25
  • 1.4k+

Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 28-nji noýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 29-njy mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Mejlis Gazagystanyň başlyklyk etmeginde geçirilip, YHG-a agza döwletleriň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.
Mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri «Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary–2035» taslamasyna garamak boldy. Türkmen tarapy çemeleşmeleriň iş ýüzündäki mümkinçiliklerini, taslamalaýyn esasyny hem-de durmuşa geçirilişiniň amaly mehanizmlerini hasaba almak bilen, resminamanyň üstünde mundan beýläk-de işi dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ECO Vision 2025 Konsepsiýasynyň geçiş döwri üçin möhletiniň uzaldylmagynyň maksadalaýyklygy goldanyldy.
Öz çykyşynda A.Gurbanow ulag-üstaşyr we logistika arabaglanyşygyny ösdürmegiň, üstaşyr geçirmelerini sanlylaşdyrylmagyň we sebitleýin infrastruktura gatnaşyklaryny berkitmegiň ileri tutulýan ugurlardygyny nygtady. Agza döwletleriň bilelikdäki taslamalaryny utgaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny (2026 –2035-nji ýyllar üçin) yglan etmek hakyndaky başlangyjynyň ähmiýeti bellenildi.
Mejlisiň dowamynda ekologik durnuklylyk we “ýaşyl” özgeriş boýunça meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususy pudagy goldamak, söwdanyň sanly gurallaryny ornaşdyrmak hem-de ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmek ýaly meselelere hem aýratyn orun berildi.
Mejlisiň netijeleri boýunça Guramanyň işi bilen bagly guramaçylyk we maliýe meselelerine garaldy, şeýle hem YHG-nyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary ösdürmek boýunça mundan beýläkki ädimler ylalaşyldy. YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylda geçirmek meýilleşdirilýär.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......