Türkmenistan BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

  • 17.12.2025 12:24
  • 1.7k+

14-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

«UNAOC: Adamzadyň bähbidine iki onýyllyk dialog: köppolýarly dünýäde özara hormat goýmagyň we düşünişmegiň täze döwrüni öňe sürmek» atly mowzuga bagyşlanan forum dünýäniň dürli ýurtlaryndan milli hökümetleriň wekillerini, öňdebaryjy ýaşlary we zenanlary, şeýle hem raýat jemgyýetiniň institutlarynyň we media düzümlariň wekillerini bir ýere jemledi.
Çäre ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, dialogy ösdürmek we medeniýetara gymmatlyklary öňe sürmek boýunça pikirleri, garaýyşlary we tejribeleri alyşmak üçin netijeli meýdança bolmagy maksat edinýär.
Türkmen tarapy öz çykyşynda halkara gatnaşyklarda ynanyşmagyň gowşamagy we polýarlaşma şertlerinde BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň ähmiýetiniň artýandygyny nygtamak bilen, onuň işiniň Türkmenistanyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy bilen sazlaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň bilen bilelikde durmuşa geçirilmegi teklip edilýän Türkmenistanyň başlangyçlaryny hödürledi. Olaryň hatarynda parahatçylyk we araçylyk medeniýetini öňe sürmek, ynsanperwer we medeniýetara dialogy ösdürmek, parahatçylyk döredijilikli hyzmatdaşlygyň sebit we ýaşlar platformalaryny döretmek, şeýle hem halklaryň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak ýaly ugurlar bar.
Forumyň jemleri boýunça Bileleşigiň geljekki ösüş tapgyryny kesgitleýän Er-Riýad Jarnamasy kabul edildi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......