Türkmenistanyň Prezidenti iki sany iri halkara çärelerini geçirmek hakynda resminamalara gol çekdi

  • 01.12.2025 11:13
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzda iri halkara çäreleriniň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek hakynda kararlara gol çekdi diýip, TDH habar berýär.

Resminamalaryň birinjisi Daşary işler ministrligine we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahatyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegini belleýär.
Çäre 2025-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Beýleki resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni we 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara forumyň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


şu gün 12:31
198

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
291

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
650

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
1.9k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......