Ýewrokomissiýanyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Türkmenistany Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 07.12.2025 12:44
  • 6.3k+

5-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, ÝB-niň Ýokary wekili Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen tarapyna mähirli gutlaglaryny beýan edip, ählumumy parahatçylyga we ösüşe goşant goşýan ýurduň oňyn bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ähmiýetini belledi.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly dialogyň ösüş derejesine ýokary baha bermek bilen, taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. «ÝB – Türkmenistan» bilelikdäki komitetiň formatyndaky hyzmatdaşlygyň bar bolan mehanizmleriniň ähmiýeti nygtaldy.
Söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna aýratyn orun berildi.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
776

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......