Türkmenistanyň ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 05.12.2025 11:16
  • 5.5k+

1-nji dekabrda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabarada Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, tertip boýunça dabaranyň ilkinji bölegi hormat garawulyň öňünde döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen 2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda geçirildi.
Dabara BAE-niň wise-prezidenti we Premýer-ministriň orunbasary, Prezidentiň Diwanynyň başlygy Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýyan, şeýle hem Premýer-ministriň orunbasary we Daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan gatnaşdylar.
Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.


BAE-niň Prezidenti ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyna BAE-niň wekiliýetiniň gatnaşmagy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi BAE-niň Prezidentine Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky resmi çakylygy hem ýetirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň ilçisi türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi üçin BAE-niň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana hoşallyk bildirip, netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin mümkin bolan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


düýn 19:38
4.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......