Türkmenistanyň DIM-nde Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

  • 17.12.2025 12:28
  • 2.3k+

15-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, aýratyn-da, medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, Neda Bergeriň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine goşýan uly şahsy goşandy aýratyn nygtaldy. Şeýle hem 2026-njy ýyl üçin Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň işjeň gatnaşmagynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän geljekki meýilnamalar we taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelerde işjeň gatnaşandygy üçin hanym Bergere türkmen tarapy tarapyndan minnetdarlyk bildirildi.
Şeýle-de hanym Berger onuň hormatly sylaglary mynasybetli türkmen tarapynyň gutlaglaryny uly hoşallyk bilen kabul etdi.


şu gün 12:31
1.5k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
407

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
659

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
2k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......