Türkmenistanyň DIM-nde Monakonyň Şazadasy Alber II-niň geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 11.12.2025 17:03
  • 1.5k+

10-njy dekabrda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen "Parahatçylyk we sport" halkara guramasynyň Prezidenti we esaslandyryjysy, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň geňeşçisi jenap Žoel Buzunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, Buzu Halkara bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Duşuşykda taraplar däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giň ugurly gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen "Parahatçylyk we sport" guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini hem bellenildi.
Söhbetdeşler adybir gurama tarapyndan teklip edilen "Parahatçylyk we sport" atly yklymlaýyn forumy 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......