Türkmen diplomatlaryna Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşuryldy

  • 07.12.2025 21:40
  • 7k+

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da berkitmek, daşary syýasy dialogy giňeltmek hem-de ählumumy parahatçylyk we ösüş ugrunda başlangyçlary ilerletmek boýunça ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi.
Soňra ministr «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady we Daşary işler ministrliginiň işgärlerine döwlet sylaglaryny we ýadygärlik nyşanlary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Ýokary döwlet sylaglaryna Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga, şeýle hem Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny ýokarlandyrmaga şahsy goşant goşan türkmen diplomatlary mynasyp boldy.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......