Raşid Meredow Şri-Lankanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen Aşgabatda geçiriljek forumy maslahatlaşdy

  • 29.11.2025 22:21
  • 1.6k+

27-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Şri-Lankanyň daşary işler, daşary ýurtlarda iş üpjünçiligi we syýahatçylyk ministri Widjitha Heratyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenildi.
Ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanda geçiriljek möhüm waka aýratyn üns berdiler. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara forumdyr.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....